Turkmenportal logo
Şu gün 09:31
25282528
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Halkara ýaşlar güni belleniler

14-nji awgustda Olimpiýa şäherçesinde Halkara ýaşlar güni mynasybetli giň gerimli çäre geçiriler. Şu ýylyň çäresi «Dürli şertler – umumy maksatlar» diýen şygar astynda geçirilip, ýaşlary pikir alyşmak, döredijilik hem-de täze başlangyçlary paýlaşmak üçin bir ýere jemlär.

Çärä gatnaşyjylara baý maksatnama hödürleniler. Onuň çäklerinde:

  • pikir alyşmak üçin meýdançalar;

  • kwestler we interaktiw oýunlar;

  • fleşmob;

  • aýdym-sazly çykyşlar guralar.

Çäre sagat 10:00-da başlanar.

Giriş hemmeler üçin mugt.

Guramaçylar gatnaşyjylary agzybirligiň we baýramçylyk ruhunyň nyşany hökmünde öz lybasyna ýa-da bezeg esbabyna mämişi reňkli bir aýratynlygy goşmaga çagyrýarlar.

Halkara ýaşlar güni her ýylyň 12-nji awgustynda bellenilip geçilýär. Bu sene 1999-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edildi. Baýram ýaş nesliň jemgyýetiň ösüşindäki, parahatçylygy berkitmekdäki hem-de durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki möhüm ornuny nygtamaga gönükdirilendir.