Turkmenportal logo
Şu gün 17:21
37403740
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy goragçy wezipesine üç boş iş ornuny yglan etdi

Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy diplomatik wekilhananyň binasynda goragçy wezipesi boýunça üç boş iş ornuna dalaşgärlerden resminamalaryň kabul edilýändigini yglan etdi. Bu barada ilçihananyň resmi habarynda aýdylýar.

Bellenen talaplara laýyklykda, dalaşgärler 25–40 ýaş aralygynda bolmaly, azyndan orta bilimli, beden we akyl taýdan sagdyn bolmaly, şeýle hem türkmen, rus we iňlis dillerini dilden we ýazuw görnüşinde erkin bilmeli. Mundan başga-da, howpsuzlyk ulgamynda azyndan üç ýyllyk iş tejribesiniň bolmagy talap edilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, iş güni 8 sagatdan ybarat bolar, iş ýeri bolsa ilçihananyň binasy we rezidensiýasy bolar. Goragçynyň esasy wezipelerine çäkleri goramak, gelýänleriň giriş-çykyşyna gözegçilik etmek, goşlary we elektron enjamlary barlamak, şeýle hem ilçihananyň görkezmesi boýunça howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly beýleki işleri ýerine ýetirmek girýär.

Gyzyklanma bildirýän dalaşgärler terjimehalyny, iş tejribesi we bilimi baradaky maglumatlary şu salgy boýunça ibermelidirler: Hindistanyň ilçihanasy, Halkara işewürlik merkezi, Ýunus Emre köçesi 1, Parahat 2/1, poçta gutusy №80, Aşgabat – 744017, Türkmenistan.

Goşmaça maglumatlary iş günlerinde sagat 09:00-dan 13:00-a çenli we 14:00-dan 17:30-a çenli aralykda 45-61-52, 45-61-53 telefon belgileri, şeýle hem hoc.ashgabat@mea.gov.in we admn.ashgabat@mea.gov.inelektron poçta salgylary arkaly alyp bolýar.

Ilçihananyň habarynda bellenilişi ýaly, resminamalary tabşyrmagyň iň soňky möhleti 2026-njy ýylyň 14-nji awgustydyr.