Turkmenportal logo
Şu gün 14:55
43534353
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ÝHHG-niň başlygy Türkmenistana resmi sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) häzirki başlygy, Şweýsariýanyň Daşary işler ministri Inýasio Kassis Türkmenistana resmi sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär. Bu barada ol özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi.

Kassisiň  sözlerine görä, Türkmenistana boljak sapary onuň Azerbaýjana eden sapary bilen başlanan sebit boýunça iş saparynyň dowamy bolar.

«Azerbaýjana ilkinji resmi saparymy amala aşyrýandygyma şat. Şweýsariýa Azerbaýjan bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär. Biz söwda, innowasiýa we ykdysady gatnaşyklar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga çalyşýarys. Şol bir wagtyň özünde-de, ÝHHG-niň häzirki başlyklyk edýän ýurdy hökmünde Günorta Kawkazda dialogy, parahatçylygy, durnuklylygy we abadançylygy ilerletmäge ýardam edýäris. Bu sapar has giň gerimli sebit boýunça iş saparynyň başlangyjydyr. Indiki ugur – Türkmenistan bolar» — diýip, Kassis öz sahypasynda ýazdy.

Şweýsariýa 2026-njy ýylda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna başlyklyk edýär.