Turkmenportal logo
04.08.2026
79997999
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Marokko Afrikanyň iň uzyn awtoulag ýoluna Trampyň adyny dakdy
Surat: haqqin.az

Marokko Patyşalygy Afrika yklymyndaky iň uzyn Tiznit — Dahla arasyndaky täze awtoulag ýoluna ABŞ-nyň häzirki Prezidenti Donald Trampyň adyny dakdy. Bu barada MAP döwlet agentligine salgylanýan «rg.ru» habar berdi.

Ýurduň Patyşasy Muhammed VI bu barada Trampa ýazan hatynda: «Men Patyşalygyň iň möhüm ýoluna Donald Trampyň adyny dakmak barada karara geldim. 1055 kilometrlik bu ýol infrastrukturasy tutuş Afrikada iň uludyr» diýip nygtady.

Marokkonyň Patyşasy täze gara ýoluň Marokkonyň demirgazyk we günorta bölekleriniň, şeýle-de Afrika bilen Ýewropanyň arasynda baglanyşdyryjy zynjyr bolup durýandygyny, Trampyň geçen Prezidentlik döwründe – 2020-nji ýylda Marokko üçin Günbatar Saharanyň üstünden özbaşdaklygyň berkidilendigini nygtady.