«Global Academy» bilim kompaniýasy ýaşlara Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge mümkinçilik berýän grant maksatnamasynyň başlanýandygyny yglan etdi. Kompaniýanyň habarynda orunlaryň sanynyň çäklidigi bellenilýär.
Maksatnamadan Türkiýä göçüp gitmegi meýilleşdirýänler hem, eýýäm ol ýerde islendik wiza görnüşi boýunça ýaşaýan ýaşlar hem peýdalanyp bilerler. Ýeke-täk şert — gatnaşyjynyň ýaşy 36-dan geçmeli däldir.
Dalaşgärlere iki sany bilim ugry hödürlenilýär. Kollejde bilim almak iki ýyl okuwy hem-de bir ýyllyk dil taýýarlygyny öz içine alýar we bahasy 2200 ABŞ dollaryna deňdir, bu möçber bir gezekde geçirilýär. Bakalawriat dört ýyl hem-de bir ýyllyk dil taýýarlygyny öz içine alýar, onuň bahasy 4000 ABŞ dollaryna deňdir we ol hem bir gezekde tölenilýär. «Global Academy» kompaniýasynda görkezilen möçberiň diňe talyplyga kabul edilende tölenilýändigini belleýärler, soňky okuw ýyllary üçin goşmaça töleg alynmaýar.
Ilkinji tapgyrda çakylyk almak üçin dalaşgärler daşary ýurt pasportyny, orta bilim hakyndaky şahadatnamasyny we soňky üç ýyllyk okuw döwründäki bahalarynyň göçürmesini bermelidir. Resminamalar barlanylandan soňra talyplyga kabul etmek amaly başlanýar we onuň netijeleri boýunça uniwersitet okuwa kabul edilendigi barada resmi hat berýär.
«Global Academy» kompaniýasynda dalaşgärlere resminamalary tabşyrmakdan başlap, tä uniwersitete kabul edilýänçä we talyplyk şahadatnamasyny alýança ähli tapgyrlarda ýardam berýändiklerini belleýärler.
Kompaniýanyň ofisleri Türkiýede, şeýle hem Türkmenistanyň Aşgabat, Türkmenabat, Seýdi, Boýnuzyn we Baýramaly şäherlerinde işleýär.
Maslahat almak üçin +905070457788, +905059811139, +99371438331 telefon belgileri, sosial ulgamdaky sahypasy ýa-da globalmeditravel.com.tr/universiteler saýty arkaly ýüz tutup bilersiňiz.