Turkmenportal logo
Şu gün 13:37
23222322
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen karateçileri Aktau şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýanyň çempionatynyň ilkinji gününde 4 medal gazandylar

Gazagystanyň Aktau şäherinde badalga alan karate boýunça WKF-niň Merkezi Aziýanyň 11-nji çempionatynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň türgenleri bir altyn, bir kümüş we iki bürünç medal gazandylar. Bu barada «Türkmenistan:Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Üç gün dowam etjek ýaryşa Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 500-e golaý türgen gatnaşýar. Medallar ugrunda kadetleriň, ýaşlaryň we uly ýaşly türgenleriň arasynda kata (tehniki maşklaryň ýerine ýetirilişi) hem-de kumite (tutluşyklar) görnüşleri boýunça bäsleşilýär.

Türkmenistanyň karatedo federasiýasynyň habar bermegine görä, bu ýaryşda ýurdumyzyň ýygyndy toparyna 36 türgen, 4 tälimçi, 6 emin we 1 wekil wekilçilik edýär.

Çempionatyň ilkinji gününde türkmen türgenleri kata görnüşinde üstünlikli çykyş etdiler.

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki 18-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Muhammetresul Haýrullaýew 14 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda altyn medala mynasyp boldy.

16–17 ýaşly ýaşlaryň arasynda geçirilen ýaryşda Aşgabat şäherindäki 52-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Allanur Ýalkabow kümüş medal gazandy.

10–11 ýaşly iň kiçi ýaş toparynda bolsa Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki 6-njy orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Musa Gurbanow hem-de şol şäheriň 11-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Şirmuhammet Garamyradow bürünç medallaryň eýeleri boldular.

Çempionat dowam edýär.