Ýewropanyň futbol federasiýalarynyň ýolbaşçylary Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) başlygynyň wezipesine häzirki ýolbaşçy Janni Infantinonyň gopguna uçramagy sebäpli dalaşgär gözleýärler diýip, «The Guardian» neşirine salgylanýan «INTERFAX.RU» ýazýar.
Şeýle pikiriň Ýewropanyň ýurtlarynyň futbol ligalary tarapyndan hem goldanylýandygy habarda bellenýär. Häzirki başlygyň hereketlerini Demirgazyk we Merkezi Amerikanyň hem-de Karib deňziniň basseýniniň futbol konfederasiýasy hem tankyt edýär.
Öň iýulda Infantino dünýä futbol ýaryşlarynyň guramaçylygyny hususy maýa goýumçylar üçin açmak pikiri barada yglan edipdi. Bu, esasan, Ýewropa futbol federasiýalarynda nägilelik döretdi. Olar Infantinony futbolyň we futbol oýunçylarynyň bähbitlerini gözden salmakda hem-de ýaryşlary geçirmekde has köp girdeji gazanmak isleginde aýypladylar. Maksatnamany FIFA-nyň käbir öňdebaryjy ýolbaşçylary hem tankytlap çykyş etdiler. Netijede, guramada daşarky maýa goýumlary çekmek meýlinden ýüz öwürdiler diýlip, habarda bellenýär.