Turkmenportal logo
Şu gün 11:08
57575757
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ýaňlan, Diýarym! — 2026» telebäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde guralýan «Ýaňlan, Diýarym! — 2026» telebäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşige sebitiň şäherlerinde we etraplarynda bolan deslapky gözden geçirilişlerde öňe saýlanan estrada aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy.

Daşoguz şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki ajaýyp meýdançada geçirilen bäsleşikde Akdepe etrap medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi Röwşen Kakaýew hem-de Şabat etrap medeniýet merkezinden çeper höwesjeň Wepa Ýazmyradow halk heňlerini, estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijilik ussatlygy, ýakymly lebzi, hoş owazy bilen öňe saýlandylar. Olar, degişlilikde, birinji we ikinji orny eýelediler hem-de bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.