Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri tüýjümek önümleri, nah matany, nah ýüplügi, pagta süýümini, çig ýüpegi satyn aldylar.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 511 million 698 müň manada deň bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), portlandsementi, buýan köküniň ekstraktyny, nah ýüplügi, pagta lintini, arassalanan pagta galyndylaryny satyn aldylar.