Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý şu ýylyň ilkinji alty aýynda ýurduň syýahatçylyk pudagynda gazanylan netijeleriň jemini jemledi. Bu barada ol 31-nji iýulda Stambulda geçirilen metbugat maslahatynda çykyş edip beýan etdi — diýip, interfax-russia.ru neşiri habar berýär.
Ministrligiň beýan eden maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň ilkinji alty aýynda Türkiýä 25,8 million daşary ýurtly syýahatçy gelipdir. Deňeşdirmek üçin aýdylanda, 2025-nji ýylyň degişli döwründe ýurda 26,4 million syýahatçy gelipdi.
Syýahatçylaryň sany boýunça Russiýa öňküsi ýaly birinji orny eýeledi. Hasabat döwründe bu ýurtdan gelen syýahatçylaryň sany 2,65 milliona golaýlap, 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,5 göterim artypdyr. Ikinji we üçünji orunlarda degişlilikde Germaniýa (2,44 million syýahatçy) hem-de Beýik Britaniýa (1,58 million syýahatçy) ýerleşdi.
Umumy syýahatçy akymynyň birneme azalandygyna garamazdan, syýahatçylykdan alnan girdejiler geçen ýylyň derejesinde saklanyp, 25,8 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Syýahatçylaryň ýurtda ortaça bolýan möhleti 0,5 göterim artyp, 10 gijä ýetdi. Şeýle hem olaryň gündelik çykdajylary 2,6 göterim ýokarlanyp, 109 amerikan dollaryna deň boldy.
Ministr netijeleri teswirläp, Türkiýäniň sebitdäki çaknyşyklara gatnaşmaýandygyna, ýurduň awiakompaniýalarynyň we howa menzilleriniň bökdençsiz işleýändigine garamazdan, Ýakyn Gündogaryň üstündäki howa giňişliginiň ýapylmagynyň syýahatçylyk pudagyndaky islege az-kem täsir edendigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, häkimiýetler ýylyň ikinji ýarymynda syýahatçylyk görkezijileriniň gowulanmagyna garaşýarlar.