Ýewropanyň ep-esli bölegini gurşap alan gurakçylyk sebäpli ýurtdaky ýeke-täk atom elektrik stansiýasynyň işiniň wagtlaýyn togtadylmagy Wengriýada elektrik energiýasy bilen üpjünçilikde bökdençlikleriň ýüze çykmagy baradaky aladalary güýçlendirdi. Bu barada «The Telegraph» neşiri habar berýär.
Wengriýanyň Premýer-ministri Peter Madýar ýurduň ilatyna «çylşyrymly hepdäniň» garaşýandygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, «Pakş» atom elektrik stansiýasyny sowatmak üçin ulanylýan Dunaý derýasynyň suwunyň derejesi rekord derejede peseldi. Şunuň bilen baglylykda, hökümet duşenbe gününden başlap iri senagat kärhanalary üçin elektrik energiýasynyň sarp edilişine hökmany çäklendirmeleri girizmegiň mümkinçiligine seredýär.
«Öňümizde iň kyn bäş gün garaşýar. Ertir «Pakş» atom elektrik stansiýasy elektrik energiýasyny öndürmez, üstesine-de, howanyň gyzgynlygy 40°C-a çenli ýetjek iň yssy günler öňde dur» — diýip, Peter Madýar «Facebook» sosial ulgamynda ýerleşdiren wideo ýüzlenmesinde aýtdy. Şeýle hem ol stansiýanyň birnäçe hepde işlemejekdigini, munuň bolsa ýurduň energetika ulgamyna, jemagat hojalygy gulluklaryna we ilata uly agram saljakdygyny belledi.
Soňky 30 ýylyň dowamynda iň pes görkezijä düşen Dunaý derýasynyň suwunyň derejesi diňe bir Wengriýada däl-de, eýsem goňşy Serbiýada we Rumyniýada hem hasaba alyndy. Gurakçylyk sebäpli 100-den gowrak şäherde we şäherçede, şol sanda Budapeştiň töwereklerinde suwdan peýdalanmaga çäklendirmeler girizildi. Peter Madýar kompaniýalary, döwlet edaralaryny, ýerli häkimiýetleri we hojalyklary agşamky iň ýokary agram düşýän wagtynda — sagat 17:00-dan 22:00-a çenli elektrik energiýasyny sarp etmegi azaltmaga ýa-da başga wagta geçirmäge çagyrdy.
Adatdan daşary yssy howa we gurakçylyk Ýewropanyň uly bölegini gurşap alyp, derýalaryň suw derejesiniň peselmegine getirdi. Bu ýagdaý bolsa suw üpjünçiligi, derýa gatnawlary we elektrik energiýasynyň öndürilişi bilen bagly aladalaryň artmagyna sebäp boldy.