Turkmenportal logo
Düýn 10:30
69576957
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Bloomberg»: Dünýä uruşlar we howanyň üýtgemegi bilen bagly azyk ýetmezçiligi howp salýar
Surat: Surat: unian.net

Dünýäde azyk howpsuzlygy harby gapma-garşylyklardyr howa hadysalary bilen baglylykda, howp astynda diýip, «Bloomberg» ýazýar.

Habarda esasy töwekgelçilik zolagynyň Gara deňiz sebitidigi aýdylýar. Sebäbi bu sebitiň ýurtlary ösümlik ýagynyň eksportynyň üçden iki bölegini hem-de mekgejöweniň 10 göterime golaýyny üpjün edýärler. Sebitde däne infrastrukturasyna we gämilere hüjümler sebäpli bugdaýyň bahasy iýulda 10 göterimden hem gymmatlady.

Ýagdaýy adatdan daşary yssy howa hem ýaramazlaşdyrýar. Ýewropada yssy howa hem-de tokaý ýangynlary dänäniň önümçiligini onýyllyklara çenli iň güýçli pese gaçyrdy. Şol sanda tüwiniň önümçiligine hem güýçli zyýan ýetdi. El-Nino hadysasynyň güýçlenmegi Hindistanyň, Wýetnamyň we Filippinleriň şaly meýdanlaryna güýçli ýitgi ýetirdi. Nyrhlar soňky bir ýarym ýylda iň ýokary derejede gymmatlady. Ýakyn Gündogardaky syýasy ýagdaý netijesinde ýangyjyň we dökünleriň gymmatlamagy daýhanlara ýaramaz täsir edýär diýip, «news.by» habar berdi.