Turkmenportal logo
Şu gün 10:13
62076207
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2028-nji ýylda Aşgabatda halkara hukugy boýunça ýokary derejeli Bütindünýä forumy geçiriler

2028-nji ýylda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda halkara hukugy boýunça ýokary derejeli Bütindünýä forumyny geçirmek, onuň jemleri boýunça halkara hukugynyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň möhüm binýady hökmündäki ornuny tassyklaýan Aşgabat Jarnamasyny kabul etmek meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen birlikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariaty we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde 2028-nji – Halkara hukuk ýylynyň halkara çäreleriniň senenamasyny işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Türkmenistan 2028-nji ýylyň başynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda Halkara hukuk ýylynyň resmi açylyş dabarasyny geçirmegi, ýylyň dowamynda Ženewa, Wena we beýleki iri halkara merkezlerinde ýokary derejeli çäreleri guramagy teklip eder.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, ýokarda agzalan teklipler Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow tarapyndan öňe sürüldi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow kararnama boýunça beýan edilen teklipleri goldaýandygyny aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Bu barada TDH habar berdi.