Türkmenistanda halkara hukugynyň ähmiýeti barada tele-radioýaýlymlarda ýörite gepleşikler we dokumental filmler taýýarlanylar, metbugatda ylmy-köpçülikleýin makalalary çap ediler.
Şeýle hem Halkara hukuk ýylyna bagyşlanan köp dilli internet sahypasyny ýa-da ýörite maglumat bölümini döretmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda «Halkara hukugy» atly Aşgabat halkara platformasyny dörediler. Ol halkara hukugyny öwrenmek hem-de bu ugurda halkara bilermenleriň arasynda yzygiderli pikir alyşmak üçin hemişelik hereket edýän ylmy-diplomatik meýdança bolar. Şeýle hem platformanyň çäklerinde her ýyl «Aşgabat halkara hukuk dialogyny» we ýaş hukukçylar üçin tomusky mekdepleri geçirmek mümkinçiligine seretmek bolar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmegi, şeýle hem Türkmenistanyň bu ugurdaky halkara başlangyjynyň mazmunyny giňden açyp görkezmegi öz içine alýan bu teklipler wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow tarapyndan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde öňe sürlüp, Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan makullanyldy. Bu barada TDH habar berýär.