Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetiniň talyplaryny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çärä gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew diplomatik wekilhanada türkmen ýaşlaryny hem-de daşary ýurtly talyplary hut özi garşy aldy.
Duşuşygy açyp, ilçi ýaşlary ýurtda bolup geçýän möhüm wakalar bilen tanyşdyrdy. Ol 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljekdigini, onda döwletiň durmuş-ykdysady ösüşine degişli strategik ähmiýetli çözgütleriň kabul ediljekdigini belledi.
Çärä gatnaşyjylar üçin ilçihanada gezelenç guraldy. Onuň dowamynda talyplar fotosergi bilen tanyşdylar, gyşky baga baryp gördüler, şeýle hem milli halyçylyk sungatynyň nusgalary, seýrek duş gelýän kitaplar we milli lybaslar ýerleşdirilen muzeý gaznasynyň ekspozisiýasy bilen tanyşdylar.
Şeýle hem talyplara häzirki zaman Türkmenistan barada taýýarlanan wideoşekilli material görkezildi.