Turkmenportal logo
Düýn 14:37
60676067
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryndan 471 medal gazandylar

Türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryndan 471 medal gazandylar. Bu barada 1-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Mämmedowyň hasabatynda bellenildi.

TDH-de habar berlişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy. Okuwçy we talyp ýaşlar halkara bilim bäsleşiklerine gatnaşyp, uly üstünlikleri gazandylar. Tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki, welaýatlardaky hem-de Awazadaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalaryň ýokary derejede dynç alşy üpjün edildi. Ýokary hem-de orta hünär okuw mekdeplerinde giriş synaglary arkaly talyplary kabul etmek işine guramaçylykly girişildi.

Hasabat döwründe ylym ulgamyny kämilleşdirmek boýunça hem işler guramaçylykly alnyp baryldy. Halkara ylmy-amaly maslahatlar guramaçylykly geçirildi. Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Sanly ylym» atly ÝUNESKO kafedrasy döredildi.

2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Ýokary hilli innowasion lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen şypahanalarda toplumlaýyn saglygy dikeldiş-bejeriş usullary ulanyldy, ýurduň ilatyna we daşary ýurt raýatlaryna ýöriteleşdirilen şypahana hyzmatlary ýerine ýetirildi. Şeýle hem bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi. Türgenler ýokary netijeleri görkezip, jemi 471 medal gazandylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda netijeli işleri alyp barmagyň, bilim bermegiň hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmegiň, saglygy goraýyş ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutany wise-premýere sporty ösdürmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.