Şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer H.Geldimyradowyň ýurduň makroykdysady görkezijileri baradaky hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ösüş depgini senagat pudagynda 2,6 göterime, gurluşykda 6,7 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, söwdada 8,5 göterime, oba hojalygynda 4,1 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda öndürilen önüm jemi 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 10,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9 göterim artdy. Býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,7 göterim ýokarlandy.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, şeýle hem jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny belledi hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.