Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 24-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda hödürlenilen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» diýen Kararnama biragyzdan kabul edildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow mejlisiň dowamynda pursatdan peýdalanyp, oňa gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidentini hem-de türkmen halkynyň Milli Liderini ýurduň gazanan nobatdaky daşary syýasy üstünligi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem wise-premýer, daşary işler ministri BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň bu ugurdaky halkara başlangyjynyň mazmunyny giňden açyp görkezmek maksady bilen döwlet Baştutanynyň garamagyna birnäçe teklipleri hödürledi.
Hususan-da, 2028-nji ýylda «Halkara hukuk ýylyny» ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek we oňa toplumlaýyn taýýarlyk görmek maksady bilen «2026 – 2028-nji ýyllar üçin Milli hereketler meýilnamasynyň» taslamasyny taýýarlamak teklip edilýär. Bu meýilnamany işläp taýýarlamak, onuň çärelerini utgaşdyrmak, we ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek üçin ýurduň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylmy edaralarynyň wekillerinden ybarat Pudagara iş toparyny döretmek maksadalaýyk hasaplanylýar. Milli hereketler meýilnamasynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçiriljek syýasy-diplomatik, ylmy-amaly, bilim, medeni we maglumat çärelerini, olaryň möhletlerini, ýerine ýetiriji edaralaryny hem-de garaşylýan netijelerini kesgitlemek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen birlikde, «Halkara hukugy» we «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Milli Konsepsiýany taýýarlamak we ony BMG-niň resminamasy hökmünde BMG agza döwletleriň arasynda ýaýratmak teklip edilýär. Şeýle hem 2026 – 2028-nji ýyllaryň dowamynda milli we halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanda halkara hukugynyň dürli meselelerine bagyşlanylan sebit we halkara maslahatlary hem-de duşuşyklary geçirmek baradaky teklip beýan edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde ýurduň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini aýtdy hem-de munuň geljekde-de BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti mejlise gatnaşyjylary gelip gowşan hoş habar — möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem döwlet Baştutany hasabaty diňläp, beýan edilen teklipleri goldaýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.