Turkmenportal logo
Düýn 22:22
24142414
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti geçen 7 aýyň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde şu ýylyň geçen 7 aýynda ýurtda alnyp barylan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, geçen 7 aýyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 7-si we Mejlisiň Kararlarynyň 12-si kabul edildi. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek barada öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwany, Halk Maslahatynyň Diwany, Ministrler Kabineti, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutany ýurduň hukuk binýadyny berkitmek, kanunçylyk işini döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Soňra wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň 7 aýynda alnyp barylan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, medeni-ynsanperwer, daşary syýasat hem-de beýleki degişli ugurlar boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdiler. Şeýle hem döwlet Baştutanynyň garamagyna birnäçe teklipler hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, şu ýylyň 7 aýynda netijeli işleriň durmuşa geçirilendigini kanagatlanma bilen belledi hem-de ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.