Turkmenportal logo
01.08.2026
72707270
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMG-niň Türkmenistandaky täze utgaşdyryjysy «Awazada» geçiriljek maslahata gatnaşmaga çagyryldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wany hormatly myhman hökmünde Halkara zenanlar dialogyna hem-de demografiýa meselelerine bagyşlanan halkara maslahata gatnaşmaga çagyrdy. Bu çäreler oktýabr aýynda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) başlyklyk etmeginiň, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, çakylyk parlamentiň başlygynyň BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan bilen geçiren duşuşygynda beýan edildi. Duşuşygyň dowamynda Gulmanowa ony täze wezipä bellenilmegi bilen gutlady.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny, şeýle hem ýurtda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň düzümi we alyp barýan işi barada pikir alyşdylar.

Duşuşykda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde öňe süren 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns berildi. Duşuşyga gatnaşyjylaryň bellemegine görä, bu başlangyjyň goldanylmagy halkara hukugynyň ornuny pugtalandyrmaga, ählumumy howpsuzlygy berkitmäge hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam eder. Şeýle hem Türkmenistanyň energetika howpsuzlygy, ulag geçelgelerini ösdürmek we daşky gurşawy goramak ugurlarynda öňe sürýän halkara başlangyçlary nygtaldy.

Taraplar Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň yzygiderli häsiýete eýedigini bellediler. Muňa mysal hökmünde BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Çagalar gaznasy hem-de Ilat gaznasy bilen bilelikde adam hukuklaryny goramak, reproduktiw saglygy goraýyş, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak babatda milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän okuw maslahatlary görkezildi.