Turkmenportal logo
Düýn 12:15
79487948
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýuwaş ummandaky ada döwleti adyny üýtgetdi
Surat: gazeta.ru

Ýuwaş ummandaky uly bolmadyk Nauru döwleti adyny resmi taýdan Naoro Respublikasy diýip üýtgetdi. Häkimiýetleriň pikiriçe, däp bolan ada dolanmak milli özboluşlylygy hem-de medeni mirasy gorap saklamaga ymtylyşy berkitmäge gönükdirilendir.

Öň maý aýynda ýurduň Parlamenti döwletiň adyny üýtgetmek barada sala salşyk geçirmegi teklip edipdi, emma Prezident Dewid Adangdan sosial tordaky sahypasynda bu maksatnamadan ýüz öwrendiklerini habar berdi diýip, «Reuters» agentligi ýazýar.

Syýasatçy Naoronyň ýaşaýjylarynyň özlerini şeýle hem atlandyrýandyklaryny, bu adyň ýurduň Konstitusiýasynda berkidilendigini hem-de Tugrada bardygyny, adanyň Nauru diýen adynyň bolsa, ýewropaly koloniýaçylar üçin çylşyrymly bolandygyny aýtdy.