Turkmenportal logo
Düýn 11:33
76207620
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Awstraliýada kitaphana kitaby 150 ýyldan soňra gaýdyp berdiler
Surat: mir24.tv

Awstraliýaly öýünde abatlaýyş işlerini geçirip ýörkä, diwara örülen köne kitaby tapdy. Ol kitaby kenarýakadaky Kiama şäheriniň jemagat kitaphanasyna gowşurdy. «Afinynyň gadymy taryhy» atly kitap 1858-nji ýylda neşir edilipdir diýip, «360» neşiri habar berdi.

Hümmetsizlenmäni hasaba almak bilen, kitaby 150 ýyl gijikdirendigi üçin soňky okyjynyň maşgalasy kitaphana 19,5 müň dollar möçberde jerime tölemeli. Emma günäkäri anyklap bilmediler. Sebäbi kitaphananyň açylan 1870‑nji ýyllardaky bellige alnyş žurnaly ýitirilipdir, şonuň üçin kitaby iň soňky gezek kimiň okamak üçin alandygyny we onuň dogan-garyndaşlarynyň kimlerdigini kesgitlemek başartmady.

Kitaphananyň menejeri Mişel Hadson öň şeýle köne kitaplaryň yzyna gaýtarylmandygyny gürrüň berdi.