Turkmenportal logo
Şu gün 11:30
34023402
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tokioda "JETRO" guramasy bilen "Turkmenportal"-yň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

"Turkmenportal"-yň wekili Tokioda Ýaponiýanyň daşary söwdany ösdürmek guramasynyň (JETRO) ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyk Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Ýaponiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň goldaw bermegi bilen guralan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin niýetlenen çakylyk maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, onuň ösüş depgini, şeýle hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada pikir alşyldy.

Türkmen tarapy bilen “JETRO”-nyň Meýilleşdiriş departamentiniň Ählumumy strategiýa boýunça uly direktory duşuşdy. Ol Russiýa, Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga jogapkär bolup, Turkmenportala bu guramanyň düzümi, alyp barýan işi, esasy iş ugurlary hem-de Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmekdäki orny barada giňişleýin maglumat berdi.

Taraplar söwda we maýa goýum ugurlarynda Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga, işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge özara gyzyklanma bildirdiler.

“JETRO”— Ýaponiýada söwda we maýa goýumlaryny ösdürmäge ýardam berýän döwlet guramasydyr. Ol ýurduň ähli prefekturalarynda, şeýle hem dünýäniň köp sanly döwletlerinde iş alyp barýar. Guramanyň esasy iş ugurlarynyň hataryna ýapon kompaniýalarynyň daşary ýurt bazarlaryna çykmagyna ýardam bermek, daşary ýurt maýa goýumlaryny Ýaponiýa çekmek, Ýaponiýanyň oba hojalyk, tokaý we balykçylyk önümleriniň eksportyny ösdürmek, şeýle hem işewürlik seljermelerini we täzelikleri çap etmek girýär.