Turkmenportal logo
Düýn 11:27
84378437
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda kiçi telekeçilik üçin «Clever CRM» hyzmaty işe girizildi

Türkmenistanda kiçi telekeçiligiň müşderilerini, maliýe serişdelerini we toparynyň wezipelerini hasaba almak üçin «Clever CRM» hyzmaty işe girizildi. Munuň özi ýurtda türkmen we rus dillerinde elýeterli bolan hem-de daşary ýurt platformalaryna ýüz tutmazdan işleýän ilkinji şeýle çözgütdir. Hyzmatdan peýdalanmagyň ilkinji aýy mugt bolup, soňraky aýlyk abunalygyň bahasy 300 manada deňdir.

Bütin dünýäde kiçi telekeçilik ýazgy depderçelerinden we işgärleriň ýatkeşligine bil baglamakdan yzygiderli ýüz öwrüp, sanly hasaba alyşa geçýär: müşderiler, pul serişdeleri we toparyň wezipeleri baradaky maglumatlar bir adamyň ýadynda däl-de, kompaniýa degişli bolan ulgamda saklanýar. Şeýle çemeleşme Türkmenistana hem geldi.

Işiň şeýle görnüşine geçen kompaniýalar bilen işlerini ýatkeşlik boýunça alyp barýanlaryň arasyndaky tapawut eýýäm aýdyň görünýär. Birinji ýagdaýda işgär işden çykan hem bolsa, bu müşderi binýadynyň ýitirilmegine getirmeýär, ýolbaşçy bolsa islän wagtynda her bir söwdanyň haýsy tapgyrdadygyny we anyk bir müşderiniň nireden gelendigini görüp bilýär. Ikinji ýagdaýda bolsa bu maglumatlar köplenç işgär bilen bilelikde gidýär, söwdanyň çeşmeleri we müşderileriň azalmagynyň sebäpleri näbelli bolmagynda galýar.

«Clever CRM» (Customer Relationship Manager – Müşderiler bilen aragatnaşygy dolandyryjy) bu maglumatlaryň ählisini bir ýere jemleýär. Hyzmat sargytlaryň taryhyny, müşderiniň doglan gününi we soňky söhbetdeşlik boýunça gazanylan ylalaşyklary saklaýar, aýlyk girdejini we çykdajylary, şeýle hem işdäki arzalary görkezýär. Döredijileriň pikiriçe, bu ulgam arkaly ýaňy işe giren işgär eýýäm ilkinji iş gününde müşderi binýadyna we olaryň isleglerine düşünip bilýär. Ulgamy sazlamak bir günüň içinde amala aşyrylýar we ýörite tehniki taýýarlygy talap etmeýär.

Işe girizilmezden öň hyzmat işewürligiň bäş ugry boýunça synagdan geçirildi: bilim merkezinde, wideoprodakşn studiýasynda, iwent-agentliginde, interýer dizaýnerinde we syýahatçylyk agentliginde.

Mugt maslahat almak üçin kompaniýanyň saýtynda hasaba alnyp bilersiňiz. «Clever CRM» hünärmenleri anyk işewürligiň düzümini derňeýärler, ilkinji ýüzlenmeden başlap tä töleg amala aşyrylýança  söwdanyň tapgyrlaryny kesgitleýärler we satyş amallarynda her bir müşderiniň eýeleýän ornuny görkezýän paýplaýny sazlýarlar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Telefon: 10-58-48

Saýt: https://clever.com.tm/tk/clever-crm

Sosial tordaky sahypasy.