Indoneziýanyň Demirgazyk Maluku ülkesinde betbagtçylykly waka boldy, 35 ýaşly Hasym Lumbessini gije äpet piton diri ýuwutdy. Polisiýanyň başlygy Sula Handresiniň sözlerine görä, bu waka gije sagat 3-de bolupdyr, erkek kişi tokaýyň içi bilen serhoş halda öýüne dolanyp gelýärkä, oňa äpet ýylan hüjüm edipdir. Ol Hasymyň aýagyndan ýapyşyp göwresiniň daşyndan çolaşyp gysmaga başlapdyr, soň bolsa, güýçden gaçan erkek kişini ýuwdupdyr.
Hasym öýe dolanmansoň, dogan-garyndaşlary polisiýa ýüz tutupdyrlar, halas ediş gulluklardyr polisiýa işgärleri tokaýdan erkek kişini gözläp başlapdyrlar. Olar tizara wakanyň bolan ýeri diýlen çäkden Lumbessiniň şahsy zatlaryny: torbasyny we şypbygyny tapypdyrlar, şeýle-de ýerde gan yzlaryny görüpdirler. Biraz wagtdan soňra halas edijiler pitonyň üstünden barýarlar, onuň adatdakydan çişik bedeni hünärmenlerde şübhe döredipdir. Ýylanyň garny ýarylanda, Hasymyň jesedi tapylýar. Bu barada ýerli hukuk goraýjy edaralara salgylanýan «LADBible» portaly ýazýar.
Gürrüň bu ýerde Indoneziýany hem goşmak bilen, Günorta-Gündogar Aziýada duşýan gözenekli piton (Python reticulatus) barada barýar. Ol dünýäde iň uzyn ýylan bolup, käbirleri 7-8 metre ýetip bilýär. Agramy 100 kilogramdan geçýän bu ýylan sugunlara, doňuzlara, seýrek halatda adamlara hem hüjüm edýär.