Amerikanyň Florida ştatynda näbelli adam «Mega Millions» lotereýa oýnunda 800 million dollar utuş gazandy, bu şu ýyldaky iň uly we oýnuň taryhyndaky onunjy uly utuş boldy. Bu barada «New York Post» gazeti habar berdi.
Indi utuşly petegiň şahsyýeti anyklanmadyk eýesi 800 million dollar baýragy bölekleýin ýa-da bir gezekde salgytlary hasaplamazdan, 344,2 mln dollar möçberde nagt alyp biler. Ýeňijiler köp halatda bir gezeklik tölegi saýlaýarlar, ol adatça utuşyň 24 göterimine deň bolup, baýrak gaznasyny takmynan 261,6 mln dollara çenli azaldýar.
Habarda lotereýanyň tutuş taryhynda iň uly utuşyň 2023-nji ýylyň awgustynda bolandygy aýdylýar. Şonda Floridadan bolan kompaniýa 1,62 mlrd dollar utupdyr.