Turkmenportal logo
Düýn 10:31
77447744
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Usman Nurmagomedow Kolgany nokaut bilen ýeňip, PFL-iň çempionlyk adyny gorap saklady

Russiýanyň garyşyk başa-baş söweş sungaty (MMA) boýunça ussady Usman Nurmagomedow Professional Fighters League (PFL) guramasynyň ýeňil agram (70 kilograma çenli) derejesindäki çempionlyk guşagyny üstünlikli gorady. Ol Nýu-Ýork şäherinde geçirilen söweşde amerikaly Arçi Kolgany birinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi.

28 ýaşly Usman Nurmagomedow bu guramanyň ýeňil agram derejesindäki çempionlyk guşagyny yzly-yzyna ikinji gezek gorap saklady — diýip, championat.com neşiri habar berdi. Bu ýeňiş Usman Nurmagomedowyň başa-baş söweşlerde çykyşyndaky 22-nji ýeňşi boldy. Häzire çenli onuň hasabynda 22 ýeňiş bar, şolaryň 16-sy möhletinden öň gazanyldy. Şeýle-de onuň henize çenli ýeňlişi ýok, bir söweşi bolsa netijesiz diýlip ykrar edildi.

30 ýaşly amerikaly Arçi Kolgan bolsa ussatlaryň garyşyk başa-baş söweşlerinde ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Onuň hasabynda 15 ýeňiş galýar, şolaryň 14-si möhletinden öň gazanyldy.

Usman Nurmagomedow UFC-niň Şöhrat zalynyň agzasy Habib Nurmagomedowyň doganoglanydyr. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, bu söweş onuň PFL bilen hereket edýän şertnamasynyň çägindäki iň soňky duşuşygy boldy. Şol sebäpli onuň geljekde UFC guramasyna geçmeginiň ahmaldygy baradaky çaklamalar giňden ara alnyp maslahatlaşylýar.