«Disney» studiýasy meşhur «Ýeke özi öýde» (Home Alone) filminiň täze bölümini surata düşürmek mümkinçiligine seredýär, onda ýene-de baş keşbi Makoleý Kalkin ýerine ýetirer diýip, «rg.ru» ýazýar.
«The Town» podkastynda žurnalist Mettýu Belloni 45 ýaşly Kalkiniň eýýäm studiýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşandygyny, onuň pikiriniň makullanandygyny habar berdi. Mundan bir ýyl öň Makoleý Kalkin ady tutulan filmdäki oglanjyk Kewin Makkallisteriň keşbine dolanmak isleýändigini hem-de bu babatda döredijilik pikiriniň bardygyny habar beripdi. Onuň pikiriçe, uly adam bolan Kewin ogly bilen ýaşaýan sallah ata bolup, ol hemişe iş bilen başagaý. Onuň ogluny terbiýelemäge hem wagty ýok. Öýkelän ogly ony öýden kowýar we öýüň içinde dürli duzaklary gurup, yzyna goýbermeýär...
Kris Kolambusyň asyl filmi 1990-njy ýyllarda ekrana çykdy. Onda Pariže uçan maşgalasy tarapyndan unudylan Kewin atly oglanjyk öýde ýeke galýar. Iki sany talaňçy öýe girýärler, olardan oglanjyk dürli ýeser tilsimleriň, duzaklaryň kömegi bilen goranýar.
Filmiň 1992-nji ýyldaky ikinji bölümi hem giň meşhurlyga eýe bolupdy.