Turkmenportal logo
Düýn 09:47
52535253
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMG-niň Baş sekretary üçin ses berişligiň birinji tapgyry tamamlandy
Surat: news.rambler.ru

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşinde täze Baş sekretaryň wezipesine dalaşgärler üçin deslapky ses berişligiň birinji tapgyry boldy, emma onuň jemleri köpçülikleýin yglan edilmez. Bu barada başlyklyk edýän Kongo Demokratik Respublikasynyň hemişelik wekili Zenon Ngaý Mukongo guramanyň saýtynda habar berdi.

Täze Baş sekretaryň wezipesine dalaşgärler ses berlişigiň jemleri barada öz ýurtlarynyň hemişelik wekilleriniň üsti arkaly habarly ediler.

2025-nji ýylyň noýabrynda BMG guramanyň Baş sekretary wezipesine täze dalaşgärleriň gözlenýändigini resmi yglan edipdi. Guramanyň häzirki Baş sekretary Antoniu Guterrişiň wezipe ygtyýarlylyklary 2026-njy ýlylyň 31-nji dekabrynda dolýar.