Turkmenportal logo
Düýn 08:23
72537253
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň demirgazygyndaky Garakölüň suwlarynda gyzyl gazlar hasaba alyndy

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän Garaköl kölünde ýylyň ähli paslynda guşlaryň dürli görnüşleriniň toplanýandygyny synlamak bolýar.

Kölüň bir tarapy çägeli, çöl ösümlikleri bilen örtülen meýdanlar bilen gurşalan bolsa, beýleki tarapy ekerançylyk meýdanlary bilen araçäkleşýär.

Şu ýylyň mart we iýun aýlarynda bu ýerde guşlara ylmy gözegçilik işleri geçirildi.

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, bu sebitde her gün bolýan çopanlar: «Biz bu ýerde gyzyl gazlary gördük» - diýip, habar berdiler. Hususan-da, çopan S. Garajaýew gyzyl gazlaryň geçen ýyl hem Garaköle gelendigini aýtdy. Şeýle-de ol yssy günlerde bu guşlaryň kölüň suwunda çümüp, serginleýşini birnäçe gezek synlandygyny gürrüň berdi.

Soňky geçirilen gözegçilikleriň dowamynda ekologlar köldäki guşlary uzak aralykdan surata düşürenlerinde, olaryň arasynda hakykatdan hem gyzyl gazlaryň bardygy tassyklandy. Garakölde seýrek duş gelýän bu guşlaryň ýüze çykarylmagy ekologlarda uly gyzyklanma we şatlyk döretdi. Sebäbi gyzyl gaz Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen seýrek görnüşleriň biridir.

«Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri tarapyndan 2026-njy ýylyň mart we iýun aýlarynda Garakölde geçirilen soňky gözegçiliklerde sykylykçy guw (Cygnus cygnus), ala gaz (Tadorna tadorna), sykylykçy jünekeý ördek (Anas crecca), almabaş ördek (Netta rufina), alahekek çuluk (Haematopus ostralegus), kepderi pisintli deňiz çarlagy (Larus genei), köl çarlagy (Larus minutus), cypar hokgar (Ardea purpurea), uly ak hokgar (Casmerodius albus),  tekejyllyk (Vanellus leucurus), gyzylinjik (Hymantopus hymantopua), kebez (Charadirus sp), ördekleriň we çarlaklaryň dürli görnüşi, gökgarga (Corocias garrulus), ýaşyl daraklyk (Merops persicus), meýdan serçesi (Passer montanus), oba garlawajy (Hirundo rustica) ýaly görnüşleri hem-de başga görnüşler hasaba alyndy.

Iýul aýynda agşamky gözegçilikleriň dowamynda kölüň kenarlarynda toplanan guşlaryň sanynyň we görnüş dürlüliginiň artandygy bellenildi. Bu gezek kiçi çerik (Sterna albifrons), garajagaz (Phalacrocorax carbo), garlawaç pisint çemen çulugy (Glareola pratincola) hem hasaba alyndy. Şeýle-de köp guşlaryň jüýjeleriniň bardygy syn edildi.

Ekologlar Garakölüň tebigatyny mundan beýläk hem düýpli öwrenmegiň möhümdigini bellediler. Şeýle hem çeşmede nygtalyşy ýaly, ýerli oba ilatynyň öz ýaşaýan ýeriniň tebigatyny goramaga bolan ünsüni we gatnaşygyny güýçlendirmek bu ugurda möhüm ähmiýete eýedir.