Turkmenportal logo
31.07.2026
1167111671
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
AFK: Özbegistan 2027-nji ýylda U17 Aziýa kubogy, Ýaponiýa bolsa 2028-nji ýylda U23 Aziýa kubogy ugrundaky ýaryşy kabul eder
Surat: Surat: daryo.uz

Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň (AFK) Ýerine ýetiriji komiteti yklymyň birnäçe ýaşlar ýaryşlarynyň täze kabul ediji ýurtlaryny tassyklady. Bu barada AFK-nyň resmi saýtynda habar berildi.

2027-nji ýylda geçiriljek 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndylarynyň Aziýa kubogyny geçirmek hukugy Özbegistana berildi. Şeýle-de, 2028-nji ýylda geçiriljek 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndylarynyň Aziýa kubogy ugrundaky ýaryşyň eýesi hökmünde Ýaponiýa saýlandy. Bu ýaryş şol bir wagtyň özünde ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek 2028-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyr hem bolar.

Ýaponiýa bu hukugy bäsleşigiň netijesinde gazandy. Bäsleşige Iordaniýa, Gyrgyzystan, Katar we Özbegistan hem gatnaşdy. Birleşen Arap Emirlikleri bolsa şu ýylyň başynda öz ýüz tutmasyny yzyna gaýtarypdy.

2029-njy ýylda geçiriljek U17 Aziýa kubogy ugrundaky ýaryşyň kabul ediji ýurdy Saud Arabystany bolar.