Göz öňüne getiriň: maýyl agşam, ýakymly şemal we saçaga ilkinji tagam çekilmänkä, eýýäm tamdyrdan töwerege ýaýraýan hoşboý ys. Türkmen tagamlaryna ýöriteleşen «Lezzetli Tamdyr» restorany tomsuň ilkinji günlerinden öz myhmanlaryna şeýle gurşawy döredýär. Bu ýerde açyk howada dynç almak üçin tomusky eýwan we türkmen milli öýleri hödürlenilýär.
Tomusky eýwan açyk howada dynç almagy gowy görýänleriň arasynda meşhur ýere öwrüldi: bu ýerde adamlaryň ýygnanyşyp, doglan günleri, dostlukly söhbetdeşlikleri we maşgala duşuşyklaryny rahat, ýakymly ýagdaýda geçirmekleri üçin şertler döredilen.

Türkmen milli öýleri ýerleşýän künjek aýratyn üns çekmäge mynasypdyr — bu ýerdäki her bir bezeg hakyky çarwa durmuşyň gurşawyny janlandyrýar: ýumşak düşekler, pessejik stollar öýdäki ýaly özboluşly ýylylygy döredýär. Türkmen öýleri rahatlykda wagtyny geçirmek isleýänler üçin — romantiki agşamlyk, maşgala bolup günortanlyk nahary ýa-da goh-galmagaldan uzakda möhüm söhbetdeşlik geçirmek üçin örän amatlydyr.
Menýuda enelerimiziň reseptleri boýunça taýýarlanýan milli tagamlar hödürlenilýär: tüwüsi seçelenip duran palaw, tamdyrdan ýaňy çykan çörekler, meşhur Kellebaşaýak, doýuryjy Gazan basdy, hoşboý ysy Gömme işlekli we Çopan çörek — bu tagamlar myhmanlary türkmen sährasynyň jümmüşine alyp gidýär.

Bu ýakymly gurşawy restoranyň çäklerinden daşary alyp gitmek isleýänler üçin «Lezzetli Tamdyr» göçme keýtering hyzmatyny hödürleýär: aşpezler tamdyry we gerekli enjamlary getirip, myhmanlaryň göz öňünde tagamlary taýýarlaýarlar hem-de maşgala toýlaryndan başlap, korporatiw agşamlaryna çenli islän meýdançaňyzda hakyky türkmen saçagyny bezeýärler.
Salgysy: Aşgabat, senagat zolagy, aýlawly ýoluň ugrunda, Mary awtoduralgasynyň golaýynda.
Ýer bronlamak üçin telefon belgileri: 19 07 70, 12 07 70, 10 06 60, (+993 71) 25 26 40, (+993 71) 25 26 41.