Turkmenportal logo
Şu gün 14:20
25952595
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tailandyň Premýer-ministri Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyryldy

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow Tailand Patyşalygynyň Premýer-ministri Anutin Çarnwirakula özi üçin amatly bolan wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy gowşurdy. Bu barada ilçihananyň metbugat gullugy habar berýär.

Çakylyk Bangkokda Patyşalygyň Hökümet binasynda geçirilen Tailandyň Patyşasy Maha Waçiralongkornyň doglan güni mynasybetli döwlet kabul edişliginiň dowamynda gowşuryldy. Çäre türkmen diplomatynyň gatnaşmagynda geçdi.

Ilçihananyň metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, ilçi Tailandyň Premýer-ministri bilen duşuşyp, Tailandyň Patyşasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem türkmen halkynyň Millî Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli gutlaglary we iň gowy arzuwlary ýetirdi.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Habarda bellenilişi ýaly, Tailandyň Premýer-ministri gutlaglar we çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardygyny tassyklady.