Turkmenportal logo
Şu gün 13:43
35343534
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bir günüň dowamynda 49 müňden gowrak migrant Ispaniýanyň Seuta şäheriniň serhedinden geçdi

Demirgazyk Afrikadaky Ispaniýanyň çägine degişli Seuta şäheri migrantlaryň görlüp-eşidilmedik köpçülikleýin akymyna sezewar boldy. Ispaniýanyň Içeri işler ministrliginiň berýän maglumatyna görä, soňky bir gije-gündiziň dowamynda deňiz we gury ýer arkaly bu ýere takmynan 49 müň adam geldi. Deňeşdirmek üçin aýdylanda, Seuta şäheriniň takmynan 84 müň ilaty bar.

The Telegraph neşiriniň ýazmagyna görä, Marokkodan gelen migrantlar Ispaniýanyň Ýokary kazyýetiniň golaýda çykaran karary bilen baglanyşykly hukuk çykalgasyndan peýdalandylar. Şol karara laýyklykda, deňizde saklanyp, Seuta ýa-da goňşy Melilýa şäherine barmaga synanyşan migrantlary dessine yzyna gaýtarmaga rugsat berilmeýär. Yzyna gaýtarmagyň ýönekeýleşdirilen tertibi diňe gury ýer serhedini bikanun kesip geçen adamlara degişli bolup biler. Şeýle-de bolsa, gury ýer serhedi 10 metr beýiklikdäki gorag germewi we güýçlendirilen howpsuzlyk gullugy bilen berk goralýar.

Gelip gowuşýan habarlara görä, serhedi kesip geçmäge synanyşanlaryň azyndan 18-si heläk bolupdyr. Howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen Ispaniýanyň häkimiýetleri sebitde goşmaça harby bölümleri ýerleşdirdiler. Ýurduň Premýer-ministri Pedro Sançesiň hem ýakyn wagtda Seuta baryp görmegine garaşylýar.

Ýüze çykan ýagdaý Ýewropada giň seslenme döretdi. Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni bolup geçýän wakalary Ýewropanyň howpsuzlygyna abanýan howp hökmünde häsiýetlendirip, Ispaniýanyň Şengen zolagyndaky gatnaşygyny wagtlaýyn togtatmaga çagyrdy. Şeýle hem ol Italiýanyň serhetleri goramak maksady bilen degişli çäreleri görmäge taýýardygyny aýtdy. Italiýanyň Daşary işler ministri Antonio Taýani hem Ispaniýa babatda Şengen düzgünleriniň çäklendirilmeginiň tarapdarydygyny beýan etdi.

Ispaniýanyň Daşary işler ministri Hose Manuel Albares bolsa italýan tarapyny «partiýa demagogiýasy» bilen meşgullanmakda aýyplap, düşündiriş almak üçin Italiýanyň ilçisini çagyrjakdygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, emele gelen ýagdaý hökümetiň migrasiýa syýasaty bilen däl-de, eýsem kazyýetiň kabul eden karary bilen baglanyşyklydyr.

Madridiň migrasiýa syýasatyny Fransiýanyň «Milli birleşik» partiýasynyň ýolbaşçysy Žordan Bardella hem-de Ispaniýanyň Vox partiýasynyň lideri Santýago Abaskal hem tankytlady. Abaskal bolup geçýän wakalary «çozuş» diýip häsiýetlendirdi. Mundan ozal, şu ýylyň aprel aýynda Pedro Sançes kanunlaşdyrmak maksatnamasynyň çäklerinde 500 müň migranta ýaşamaga ygtyýar berýän resminamalary bermek baradaky karary kabul edipdi.

Seuta we Melilýa häzirki wagtda Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Şengen zolagynyň Afrika bilen gury ýer serhedine eýe bolan ýeke-täk çäkleri bolup galýar.