Turkmenportal logo
Şu gün 10:39
45654565
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tatar wekiliýeti Aşgabatdaky Halkara atçylyk sport toplumy bilen tanyşdy

Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Bütindünýä tatar kongresiniň Milli geňeşiniň başlygy Wasil Gabtelgaýazowiç Şaýhraziýew Aşgabatdaky Halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi.

Sport toplumynda tatar wekiliýetine halkara ýaryşlary geçirmek, türgenleri taýýarlamak we milli atçylyk däplerini saklamak üçin niýetlenen Türkmenistanyň iň iri atçylyk sport desgalarynyň biriniň düzümi tanyşdyryldy. Bu toplum ýurduň baş nyşanlarynyň biri bolup, ol ýerde türkmen halkynyň milli buýsanjy we köpasyrlyk medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan ahalteke bedewleri aýratyn orun eýeleýär.

Myhmanlar häzirki zaman manežleri, athanalar, türgenleşik meýdançalary we atlary saklamagyň şertleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Bütin dünýäde öz gözelligi, çydamlylygy we özboluşly tohum aýratynlyklary bilen tanalýan ahalteke bedewleri olarda uly gyzyklanma döretdi. Toplumyň wekilleri türkmen atçylygynyň ösüş taryhy, ady rowaýata öwrülen bu tohumyň arassalygyny saklamak boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler.

Wasil Şaýhraziýew taryhy ýörelgelere, milli nyşanlara we medeni mirasa çuňňur hormat goýmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm bölegidigini nygtady. Onuň sözlerine görä, nesilden-nesle aýawly geçirilip gelinýän atçylygyň baý ýörelgeleri çuňňur hormat duýgusyny döredýär we milli özboluşlylygy saklamagyň aýdyň nusasy bolup durýar.

Halkara atçylyk sport toplumyna baryp görmek Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň maksatnamasynyň medeni bölekleriniň birine öwrüldi hem-de türkmen halkynyň taryhy, ýörelgeleri we ruhy mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň öňdebaryjy subýektleriniň biri bolan Tatarystan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara düşünişmegi we ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge mümkinçilik berdi.