Finlýandiýanyň ýaşaýjylary Hökümet tarapyndan wiza bermek ýatyrylan daşary ýurtly miwe ýygnaýjylaryň ýokdugy bilen baglylykda, çernika miwesini rekord derejede ýygyp, bazarlarda ýerleýärler. Özem miwäniň lomaý satyn alyş nyrhy tas üç esse artdy diýip, «Yle» neşirine salgylanýan «rg.ru» ýazýar.
Ýagny eger 2025-nji ýylda lomaý satyn alyjy kompaniýalar çernikanyň bir litri üçin 1,55 ýewro tölän bolsalar, häzir miwäni 4,5 – 5,5 ýewrodan satyn alýarlar. Ilatdan miwäni 30 ýyl bäri göni satyn alýan «Dalla Valle» kompaniýasynyň maglumatyna görä, bu möwsüm hasyl ýygnamakda rekord derejede bolup biler.
Habarda ýerli zenanlaryň biriniň adamsy bilen birlikde, kabul ediş nokadyna 20 bedre çernika getirendigi aýdylýar. Zenan bir bedre çernika ýygmak üçin 45 minut sarp edýändigini, adamsy ikisiniň hepdelik gazanjynyň bolsa, bir müň ýewro deňdigini gürrüň beripdir. Netijede, has yhlasly ýygnaýjylar günde 200—300 ýewro gazanyp bilýärler.
Neşir häkimiýetleriň miwe hasylyny ýygnamaga Tailandyň 123 raýatyna rugsat berendigini, geçen ýyllarda bolsa, olaryň fin tokaýlarynda müňlerçe bolandygyny ýazýar.