Şu gün — 31-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Yssyk-Köl welaýatynyň Çolpon-Ata şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna geldi diýip, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabineti habar berýär.

«Yssyk-Köl» halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Ministrler Kabinetiniň Başlygy — Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew garşylady.
Çolpon-Atadaky duşuşyk 30-njy iýul — 1-nji awgust aralygynda geçirilýär. Oňa Merkezi Aziýanyň 5 ýurdunyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri gatnaşýarlar.
Duşuşygyň dowamynda Liderler söwda, energetika we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ulag geçelgelerini giňeltmek, şeýle hem sebitde medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek meselelerini maslahatlaşarlar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyz Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň maksatnamasy ýakyn günlerde dowam eder.