Turkmenportal logo
Şu gün 10:12
45834583
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Awazada «Tatar gyzy» halkara bäsleşigini geçirmäge taýýarlyk görülýär

Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Wasil Şaýhraziýew Türkmenistana iş saparynyň çäginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna baryp gördi we «Tatar gyzy» halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny geçirmek üçin niýetlenilýän desgalar bilen tanyşdy. Bu barada Bütindünýä tatar kongresi saýtynda habar berildi.

​Saparyň dowamynda wekiliýet bu ýerde zerur bolan konsert hem-de jemgyýetçilik meýdançalaryny, şeýle hem degişli infrastrukturany gözden geçirdi.

​Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Türkmenistanyň iň häzirki zaman hem-de iri syýahatçylyk toplumlarynyň biri bolup durýar we ýokary derejeli halkara medeni çäreleri geçirmek üçin zerur bolan infrastruktura eýedir.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyry Türkmenistanda şu ýylyň okýabr aýynda geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, 29-njy iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Wasil Şaýhraziýewiň Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Hojamgulyýewna Bäşimowa bilen iş duşuşygy bolupdy. ​Duşuşygyň esasy temasy Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Tatar gyzy» halkara bäsleşigine taýýarlyk görmek we ony geçirmek meseleleri boldy.

​Duşuşygyň barşynda taraplar döwlet edaralarynyň we guramaçylyk komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy, çäreleriň geçiriljek ýerlerini taýýarlamagy, resmi wekilleri we gatnaşyjylary kabul etmek meselelerini, şeýle hem bäsleşigiň medeni maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Tatarystan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga we milli däp-dessurlary saklap galmaga aýratyn üns berildi.

​Wasil Şaýhraziýew giň göwrümli halkara taslamany guramakda görkezilen mähirli kabul edişlik we işjeň çemeleşme üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirip, «Tatar gyzy» bäsleşiginiň Türkmenistanda geçirilmeginiň halklaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmaga we tatar halkynyň medeni mirasyny wagyz etmäge gönükdirilen möhüm waka boljakdygyny belledi.