Alymlar dinozawrlaryň heläk bolmagy tiz bolup geçendir diýen ylmy çaklamany öňe sürdüler. Bu sanaýmaly sagadyň dowamynda bolandyr diýip, «argumenti.ru» habar berýär.
Bu mähnet süýrenijileriň eýýamynyň tamamlanmagyna elten heläkçilikli waka Çiksulub diýlip at berlen asman daşy (asteroid) sebäp bolupdyr. Çaknyşyk 66 million ýyl mundan öň häzirki Meksikanyň çäginde bolup geçipdir.
Asman daşynyň Ýere urulmagyndan dörän güýç takmynan trotil hasaplamada 100 teratonna deň bolup, bu 1945-nji ýylda Hirosimada we Nagasakide partlan bombalaryň güýjünden milliardlarça esse köpdür. Netijede, atmosfera 25 trillion metr tonna bölekler göterilip, olar soňra Ýere alaw görnüşde gaçypdyrlar.
Alymlar ol zyňyndylaryň belli bir böleginiň gaz ýagdaýyna geçendigini belleýärler. Hut dag jynslarynyň gaz görnüşli gatlagy gaty sfera böleklerine garanyňda, has howply bolupdyr.
Çaklamanyň awtorlarynyň biri dinozawrlaryň ählumumy gyrylmagynda asman daşynyň urgusynyň ýa-da emele gelen otly şaryň esasy orny eýelemändigini çaklaýar, sebäbi olaryň täsiri ýerli (lokal) häsiýetde bolupdyr. Esasy sebäp jisimleriň giň möçberde howa taşlanmagy netijesinde emele gelen hem-de planetany gurşan bug gatlagydyr. Eger şol bolmasady, urgunyň täsiri Ýerde ýaşan janly-jandarlaryň köpçülikleýin ýok bolmagyna getirmezdi, tutuş planeta ähmiýetli heläkçilik döremezdi diýip, alymlar belleýärler.