Turkmenportal logo
Düýn 09:56
51605160
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ilon Maskyň hytaýly çişlik bişiriji «ekiztaýy» sosial torda ýyldyz boldy
Surat: gazeta.ru

Biržada kompaniýasynyň paýnamalary pese gaçandan soňra amerikaly iň baý işewür Ilon Masky Hytaýyň ýol ýakasynda ýerleşýän çişlikhanada gördüler. Ýagny ol ýerde amerikan işewürine bir almany iki bölen ýaly meňzeş hytaýly çişlik bişirýärdi diýip, «MIR 24» gürrüň berýär.

Maskyň «ekiztaýynyň» wideosy we fotosy dessine sosial torlarda ýaýrady. Olarda Maska meňzeş hytaýly eti çişlere düzüp, bişenlerini müşderilere öz eli bilen hödürleýär. Onuň saçy-da, daş keşbi-de, hatda ýaşy hem ABŞ-dan bolan milliardere gaty meňzeş.  Bu adamyň meşhurlygy Maskyň kompaniýalarynyň paýnamalaryna garanyňda, has çalt artýar.

Indi internet ulanyjylar degişme bilen onuň çişlikhanasyny «SpaceX Barbecue» diýip atlandyrmagy teklip edýärler.