Turkmenportal logo
Şu gün 09:38
48474847
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň gümrük gulluklarynyň wekilleri bilelikdäki iş duşuşygyny geçirdiler

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gümrük gulluklarynyň wekilleri 30-njy iýulda wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygyny geçirdiler.

Duşuşygyň esasy mowzugy deslapky maglumatlary alyşmak boýunça baglaşylan ikitaraplaýyn Ylalaşygyň çäklerinde import edilýän harytlary gümrük taýdan resmileşdirmekde ýeňillikli tertibi ulanmak boýunça tejribe alyşmakdan ybarat boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar elektron maglumat alyş-çalşynyň amallaryny kämilleşdirmek hem-de haryt dolanyşygyny çaltlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar mundan beýläk-de ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge özara taýýardyklaryny tassykladylar.

Bu çäre 2026-njy ýylyň iýun aýynda geçirilen resmi saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň nobatdaky ädimi boldy. Şol saparyň çäklerinde taraplar deslapky maglumatlary alyşmak baradaky Ylalaşygy hem-de hyzmatdaşlyk etmek boýunça degişli Teswirnamany ylalaşyp, gol çekipdiler.