Aşgabatda biodürlüligi maliýeleşdirmek ulgamyndaky syýasat we institusional gurşaw boýunça synyň (Policy and Institutional Review, PIR), şeýle hem Türkmenistanda biodürlülige degişli çykdajylar boýunça synyň (Biodiversity Expenditure Review, BER) deslapky netijelerini hödürlemek we ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen maslahat beriş seminary geçirildi.
Seminar Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) «Biodürlüligi maliýeleşdirmek boýunça milli meýilnamalary işläp taýýarlamagy goldamak boýunça toplumlaýyn maksatnama» taslamasynyň çäklerinde guraldy. Taslama Ählumumy ekologiýa gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.

Taslamanyň çäklerinde dünýäde giňden ykrar edilen BIOFIN – Biodürlüligi maliýeleşdirmek başlangyjynyň usulyýeti ulanylýar. Bu usulyýet biodürlüligi goramak boýunça milli maliýe zerurlyklaryna baha bermäge, häzirki çykdajylary seljermäge hem-de tebigaty goramak üçin goşmaça maliýe çeşmelerini çekmegiň strategik mümkinçiliklerini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Milli tagallalary Biodürlülik boýunça Kunmin–Monreal ählumumy çarçuwasy we Biologik dürlülik hakynda konwensiýanyň maksatlary bilen utgaşdyrmak arkaly başlangyç biodürlüligi goramak boýunça çäreleriň maliýeleşdirilişindäki ýetmezçiligi azaltmaga gönükdirilendir.
Seminaryň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanda biodürlüligi maliýeleşdirmek boýunça seljermäniň deslapky netijeleri bilen tanyşdylar. Hususan-da, döwlet we hususy maýa goýumlarynyň biodürlüligi goramaga goşýan goşandy, hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk binýady we institusional ulgam barada syn, şeýle hem biodürlülige degişli çykdajylaryň deslapky bahalandyrmasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Alnan bellikler we teklipler seljeriş materiallaryny kämilleşdirmekde hem-de taslamanyň indiki tapgyrlaryny taýýarlamakda ulanylar.
Hödürlenen netijeler Türkmenistanyň biodürlülik babatdaky milli maksatlaryna ýetmek üçin zerur bolan maliýe serişdeleriniň möçberini kesgitlemek, şeýle hem Biodürlüligi maliýeleşdirmegiň milli meýilnamasyny işläp taýýarlamak üçin esas döredýär. Biodürlüligi maliýeleşdirmek bilen bagly meseleleriň döwlet meýilleşdiriş we býujet düzmek işlerine utgaşdyrylmagy ekologik dolandyryş ulgamyny pugtalandyrmaga, pudagara hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de tebigy baýlyklary goramaga gönükdirilen maýa goýumlarynyň has netijeli amala aşyrylmagyna ýardam eder.

«Şu gün hödürlenen netijeler biodürlüligi goramak boýunça häzirki çykdajylara hem-de bu ugurdaky döwlet syýasatynyň hereket edýän mehanizmlerine has çuňňur düşünmek ugrunda möhüm ädimdir» — diýip, BMGÖM-niň Türkmenistandaky ekologiýa ugrunyň maksatnamalar boýunça bilermeni Farhat Orunow belledi. «BIOFIN usulyýetiniň ulanylmagy Türkmenistana biodürlülige ýaramaz täsir edýän subsidiýalardan tapgyrlaýyn ýüz öwürmek, bar bolan maliýe serişdelerini has netijeli paýlamak we tebigaty goramak çärelerini maliýeleşdirmek üçin innowasion çeşmeleri çekmek boýunça zerur seljeriş maglumatlaryny we gurallaryny hödürleýär» — diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.