Ýaponiýanyň Kumamoto prefekturasynyň Kýusýu adasynda bolan güýçli ýertitreme netijesinde 13 adam heläk boldy. Bu barada ýurduň Hökümet başlygy Sanae Takaiti habar berdi diýip, «ria.ru» ýazýar.
Takaiti şeýle-de ýurduň Hökümetiniň adamlary halas etmek üçin ähli zerur çäreleri görýändigini mälim etdi.
Ýeri gelende aýtsak, sişenbe güni Kýusýu adasynda güýji 7,1 bala deň bolan güýçli ýer sarsgyny hasaba alyndy. Binalar ýykyldy, ýollardyr köprülere zeper ýetdi. 50 müň töweregi hojalyklar elektriksiz galdy. 80-den gowrak adamyň şikes alandygy habar berildi.