Turkmenportal logo
Şu gün 15:48
40794079
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Abu-Dabidäki Guggenhaým muzeýiniň açyljak senesi yglan edildi

Abu-Dabiniň Medeniýet we syýahatçylyk departamenti «Guggenheim Abu Dhabi» muzeýiniň 2026-njy ýylyň 11-nji dekabrynda myhmanlar üçin gapylaryny açjakdygyny habar berdi. Muzeý Saadiýat adasynyň Medeniýet sebitinde ýerleşýär. Taslama ilkinji gezek 2006-njy ýylda hödürlenipdi, gurluşyk işleri 2011-nji ýylda başlanyp, birnäçe ýyllyk arakesmeden soň 2019-njy ýylda gaýtadan dowam etdirildi.

Täze muzeý dünýäde hereket edýän dört Guggenhaým şahamçasynyň iň ulusy bolar. Häzirki wagtda muzeýiň beýleki şahamçalary Nýu-Ýorkda, Wenesiýada we Bilbaoda ýerleşýär. Toplumyň umumy meýdany 80 müň inedördül metre barabar bolup, onuň 11,6 müň inedördül metri ýapyk galereýa giňişliklerinden (binada dürli görnüşli 30 galereýa ýerleşýär), 23 müň inedördül metri bolsa açyk sergi meýdançalaryndan ybaratdyr.

Binanyň taslamasy meşhur binagär Frenk Geri tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. Binanyň esasy binagärlik aýratynlygyny merkezi atriumyň daşyny gurşap alan, beýikligi 88 metre çenli ýetýän on sany konus şekilli gurluş emele getirýär. Şolaryň dokuzysy poslamaýan polatdan taýýarlanan tor bilen örtülendir, biri bolsa oniks daşyndan we aýnadan gurlandyr. Toplumda sergi zallary bilen birlikde sungat we tehnologiýa merkezi, çagalar üçin niýetlenen meýdançalar, arhiw, kitaphana hem-de dikeldiş barlaghanasy hem ýerleşer.

Muzeýiň ýygyndysy 2009-njy ýyldan bäri kemala getirilýär. Onda esasan 1960-njy ýyldan soň döredilen häzirki zaman we döwrebap sungat eserleri jemlenýär. Ekspozisiýa hronologik taýdan däl-de, tematiki ýörelgäniň esasynda guralýar. Gurluşygyň resmi bahasy häzire çenli aýan edilmedi.

«Guggenheim Abu Dhabi» muzeýiniň açylmagy emirligiň medeni ösüş strategiýasynyň nobatdaky tapgyrydyr. Saadiýat adasynda eýýäm Luwr Abu-Dabi muzeýi (2017-nji ýylda açyldy) hem-de Zaýed milli muzeýi (2025-nji ýylyň dekabrynda açyldy) hereket edýär. Şeýle hem şu ýylyň noýabr aýynda, muzeýiň açylmagynyň öňüsyrasynda, Abu-Dabide ilkinji gezek «Frieze Abu Dhabi» halkara sungat ýarmarkasy geçiriler.