Ugandanyň Hökümeti ýurtda maý aýynda ýüze çykarylan ebola ýokanjynyň möwjemesiniň tamamlanandygyny yglan etdi. Bu barada Respublikanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň «X» sosial torunda çap eden beýanatyna salgylanýan TASS habar berdi.
«Uganda ebola ýokanjyndan resmi taýdan azatdyr» diýip, ýurduň saglygy goraýyş ministri Kris Baromunsi ýazdy. Onuň sözlerine görä, şeýle karar 16-njy iýunda yglan edilen 42 günlük syn möhleti tamamlanandan soňra kabul edildi, bu döwürde ýurduň içindäki ýokanç degen iň soňky hassa doly sagalyp, öýüne iberildi.