Las-Wegasda awiakompaniýalar ýolagçylara adatdan daşary yssy howa sebäpli uçuşdan ýüz öwürmek üçin adam başyna 2500 amerikan dollaryny teklip etdiler. Bu barada «News 3 Las Vegas» teleýaýlymyna salgylanýan «rg.ru» habar berdi.
Ýolagçy zenanlaryň biriniň sözlerine görä, uçarbelet gyzlar yssy howa sebäpli uçaryň agramy boýunça çäklendirme hereket edýändigini we ýolagçylaryň ýarysyna golaýynyň uçary terk etmelidigini yglan edipdirler. «Bize uçary meýletin terk etmek üçin 2500 dollar hödürlediler» diýip, ýolagçy zenan gürrüň beripdir.
Munuň sebäbi o diýen dykyz bolmadyk yssy howada reaktiw hereketlendirijiniň we uçaryň ganatlarynyň göteriş güýjüniň täsirliliginiň pese gaçmagydyr. Şonuň üçin awiakompaniýalar şowly uçuşy üpjün etmek üçin uçaryň agramyny azaltmak maksady bilen şeýle ädime ýüz urupdyrlar.
Ýolagçylar Las-Wegasda ýene biraz galmaga o diýen garşy bolup durmandyrlar.
Ýigrimi dördünji iýulda Las-Wegasda howanyň derejesi Selsiý boýunça 45,5 gradus gyzypdyr.