2026-njy ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan Özbegistana eksporty ýarym milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berýär.
Habarda bellenilişine görä, 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 598,9 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 49,5 million amerikan dollary möçberinde köpdür. Netijede, Türkmenistan Özbegistanyň iň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň sanawynda 11-nji ýerden orun aldy.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň Özbegistana amala aşyran eksporty 503 million amerikan dollaryna barabar boldy. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň importynda 8-nji orny eýeledi.
Öz gezeginde, birinji ýarym ýyllykda Türkmenistanyň Özbegistandan import eden harytlarynyň we hyzmatlarynyň umumy bahasy 95,9 million amerikan dollaryna deň boldy.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 6 aýynda Özbegistanyň umumy daşary söwda dolanyşygy 41 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy. Şonuň 15,9 milliardy eksportyň, 25,1 milliardy bolsa importyň paýyna düşýär.