Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) konsullygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy hem-de Halk Maslahatynyň ähmiýetini ýaşlara wagyz etmek mynasybetli maslahat geçirildi. Bu barada konsullygyň saýtynda habar berildi.
29-njy iýulda geçirilen bu maslahata diplomatlar, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty boýunça bölüminiň ýolbaşçysydyr işgärleri hem-de Astrahan oblastynda bilim alýan türkmenistanly talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda konsullygyň we Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty boýunça bölüminiň işgärleri hem-de W.Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň talyp ýaşlary Garaşsyz Türkmenistanyň 35 ýylyň içinde ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri hem-de sentýabr aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýeti barada çykyşlar etdiler diýlip, habarda bellenilýär.