Şu günler Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, guramaçylyk döwlet toparynyň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew guramaçylyk döwlet toparynyň agzalary bilen bilelikde halkara çärelerine ýokary derejede taýýarlyk görmek maksady bilen Nedirlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde iş saparynda bolýar.

TDH-de habar berlişi ýaly, bu ýerde ahalteke bedewlerini halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşdyrylmagy we onuň çäklerinde guraljak çäreleriň guramaçylygy boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunda Türkmenistanyň wekiliýetiniň halkara çärelerine gatnaşygy, ähli meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk, taýýarlyk işleriniň ýokary derejede alnyp barylýandygyny bellemeli. Şunuň bilen baglylykda, guraljak çäre, onuň geçiriljek ýerini kesgitlemek we milli bezeg işleri bilen baglanyşykly meselelere Türkmenistan tarapyndan zerur üns berilýär. Şeýle hem öňde boljak halkara çärelerine taýýarlygyň barşynda ýurduň wekilçilikli toparynyň agzalary ýerli atşynaslar we bu ugur boýunça ylmy iş alyp barýan halkara derejeli hünärmenler bilen duşuşyklary guraýarlar.

Bu ýerde geçirilýän duşuşyklaryň çäklerinde halkara çärelerini guramaga niýetlenilen meýdança bilen tanyşdyryş çäresi hem guraldy. Şunda atly sport ýaryşlarynyň, gözellik bäsleşiginiň geçiriljek ýerleriniň özboluşly aýratynlyklary, bu ýerde ýaryşlary guramagyň tertibi boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Bellenilişi ýaly, meýdançanyň çäklerinde halkara ýaryşlarynyň bezeg aýratynlyklary, dürli ýazgylaryň oturdyljak ýerleri häzirki zaman talaplaryna doly laýyk derejede ýerleşdiriler.