Garyşyk başa-baş söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi boldy.
Bu wezipä bellenilendigini tassyklaýan Hormat haty oňa bütindünýä guramasynyň baş edarasynda geçirilen dabaraly çärede Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajyýew tarapyndan gowşuryldy.
BMG-niň Dostluk oýunlaryny geçirmek başlangyjyny Türkmenistan öňe sürdi.
Garyşyk başa-baş söweş sungatynda 26 ýeňiş gazanan Döwletjan Ýagşymyradow bilen birlikde, Russiýanyň MMA söweşijisi Aleksandr Wolkow hem hoşniýetli ilçi diýen hormatly ada mynasyp boldy.
Iýun aýynyň ortalaryndan başlap, BMG-ä agza döwletleriň we guramalaryň diplomatlary, şeýle hem guramanyň wekilleri 10 ugur boýunça geçirilen üçünji BMG-niň Dostluk oýunlarynda iň güýçlüleri kesgitlediler. BMG-niň Baş Assambleýasy Dostluk oýunlaryny her ýyl geçirmek baradaky Kararnamany 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda kabul etdi.